WhatsApp messengerde kämilleşdirilen gözleg ulgamy elýeterli bolar

18:5211.08.2020
0
1244

WhatsApp messengeriň “Android” operasiýa ulgamy üçin synag wesiýasyny ulanyjylar bu programmanyň diňe tekst habarlarynyň arasynda däl-de, eýsem faýl goşundylary üçin gözleg ulgamlarynda hem bardygyny bellediler. Mysal üçin, diňe suratlary, wideolary, salgylanmalary, gif şekilleri, ses habarlary ýa-da resminamalary gözläp bilersiňiz. Bu barada “WABetainfo” neşiri habar berdi. Şeýlelik bilen, köp sanly hat alyşmalaryň arasynda zerur bolan suraty we resminamany tapmak mümkin bolar.

“Android” bilen işleýän smartfonlaryň eýeleri  “APK”  faýly arkaly “WhatsApp”-yň beta wersiýasyny gurnap, bu aýratynlygy synap bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň