Gözleg: Ulanyjylar Windows 7-den ýüz öwürmäge howlukmaýarlar

18:4811.08.2020
0
735

“Microsoft” kompaniýasy 2020-nji ýylyň başynda “Windows 7” operasiýa ulgamy üçin tehniki goldawy togtatjakdygyny resmi taýdan mälim edipdi. 

ABŞ kompaniýasy “Windows 7” ulgamy üçin tehniki goldawy bes eden hem bolsa, statistiki hasabata görä, ulanyjylar onuň häzirki wersiýasyna geçmäge howlukmaýarlar. 

“MetMarketShare” analitik resursynyň maglumatlaryna görä, “Windows 7” ulgamynyň dolandyrmasy esasynda işleýän kompýuterleriň we noutbuklaryň bazardaky paýy gaty pes derejede azalypdyr. Ýylyň başynda bu operasiýa ulgamy enjamlaryň 25,56 göteriminde gurlan bolsa, indi 23,34 göteriminde gurnaldy. 

Şol bir wagtyň özünde, şu günlerde 5 ýyllygyny belleýän “Windows 10” operasiýa ulgamynda-da 1 milliard işjeň ulanyjy bar. Statistiki hasabata görä, “Windows 10” ulgamy kompýuterleriň 59,37 göteriminde gurnaldy.  Bu ýagdaýda “Windows 8,1” operasiýa ulgamynyň bazardaky paýy 2,87 göterim boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň