Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone 12” 5G-li bolar

18:2211.08.2020
0
845

Şu ýyl satuwa çykarylmagyna garaşylýan “iPhone 12” seriýasyna degişli enjamlarda 5G aýratynlygynyň boljakdygy mälim edildi. “Apple” kompaniýasynyň enjamlaryny öndürýän “Foxconn” şereketiniň 5G aýratynlygy bolan “iPhone 12” öndürmäge taýýardygy mälim edildi. Hytaý metbugatynda çykan habarlara görä, “Foxconn” “iPhone 12”-leriň önümçiligi üçin hünärmenleri işe alyp başlady. Bu smartfonlaryň Çžençžou şäherindäki zawodda öndüriljekdigi habar berildi. Şu ýyl çykaryljak ähli “iPhone” modelleriniň OLED ekranly boljakdygy aýdyldy. Kompaniýa 5G aýratynlygy bolan 5,4 dýuým, 6,7 dýuým hem-de iki sany 6,1 dýuým ululygynda “iPhone” modellerini satuwa çykarar. “iPhone 12”-leriň daşky şekili “iPhone 4”-lere meňzeş bolar. Gabarasy poslanmaýan polatdan öndüriljek modeliň daşky dizaýny beýleki modellerden o diýen tapawutly bolmaz. 5G-li “iPhone 12”-niň iň arzanynyň 650 dollar bolmagyna garaşylýar. “iPhone 12 Max” 750 dollar, “Pro” modeliniň 1000 dollar bolar. Iň ýokary model bolan “12 Pro Max” 1100 dollardan satuwa çykarylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň