Soňky habarlar

Arhiw

Şöhrat Söýünow: «Milli ýygyndydaky dostlarymy Malaýziýa çagyrdym»

15:4211.08.2020
0
917
Şöhrat Söýünow: «Milli ýygyndydaky dostlarymy Malaýziýa çagyrdym»

Malaýziýanyň «Thestar.com» saýtynda ýurduň Superligasynda çykyş edýän PDRM futbol toparynyň türkmenistanly goragçysy Şöhrat Söýünow bilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi.

― Malaýziýanyň Superligasynda oýnamaga dörän mümkinçilikden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Topar Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýär. Täze medeniýetiň, täze bir diliň gurşawynda futbol oýnamak meniň üçin gyzykly ― diýip, milli ýygyndymyzyň goragçysy söhbetdeşlikde aýtdy.

― Milletine, ynanjyna garamazdan, toparyň ähli oýunçylary bilen gatnaşygym gowy. Olaryň käbiri bolsa meniň ýakyn dostlarym. Men olary öýüme çagyryp, käte türkmen tagamlaryny hödür edýärin.

Baş tälimçimiz oýunçylar bilen ysnyşykly işleýär. Onuň bilen islendik meseläni maslahatlaşyp bilýäris. Men diňe iňlisçe gürlemegi kämilleşdirmeli. Ony hem topardaşym we watandaşym Serdar Geldiýewiň kömegi bilen öwrenýärin.

Men Malaýziýanyň çempionatyny haladym. Şonuň üçin milli ýygyndymyzyň oýunçylaryny bu ýerde futbol oýnamak üçin çagyrdym. Bu ýerde bäsdeşlik güýçli. Daşary ýurtly futbolçylara bolsa hormat diýseň ýokary. Şol hormaty gazanmak köp adama ýeňil düşenok.

Ýeri gelende aýtsak, Malaýziýanyň çemponaty 26-njy awgustdan başlap, dowam etdiriler. Yzda galan dört tapgyrda PDRM üç gezek ýeňildi. Bir duşuşygyny deňme-deň geçirdi. Şöhrat Söýünow söhbetdeşlikde özleri üçin esasy maksadyň Superligada galmak boljakdygyny aýtdy.

― Superligada galyp bileris diýip umyt edýärin. Möwsüm gysga bolansoň, bu maksada ýetmek kynçylyk döreder. Üstesine-de düzümiň üçden bir bölegi profesional futbolçy. 66 göterimi bolsa polisiýa işgäri ― diýýän ildeşimiz toparda özlerine uly jogapkärçiligiň düşýändigini aýdyp, her utugyň uly şatlyk getirjekdigini aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň