Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatyna täze oba hojalyk tehnikalarynyň onlarçasy gelip gowuşdy

12:0711.08.2020
0
1137

Şu ýyl Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň üpjünçilik kärhanasyna «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 6-sy gelip gowuşdy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýakyn wagtda olaryň jemi sany 50-ä ýetiriler. Bu kombaýnlar ýetip gelýän pagta ýygymynda daýhanlara ýakyndan ýardamçy bolar.

Bulardan başga-da häzire çenli köpugurly «John Deere» traktorlarynyň 38-si, «Ortman-8375» kysymly kultiwatorlaryň 33-si, gowaça ekijileriň hem 24-si gelip gowşupdyr.

Täze tehnikalar we iş gurallary kärendeçilere oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly goltgy berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň