Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapörisuw» täze guýularyň ikisini gazdy

11:5411.08.2020
0
922

«Lebapörisuw» abatlaýyş, ulanyş edarasynyň işgärleri welaýatyň öri meýdanlaryny suwlulandyrmak işine netijeli gatnaşýarlar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Olar tarapyndan ýylyň geçen döwründe guýularyň ikisi gazyldy we ulanylmaga berildi. Täze guýular Çärjew we Hojambaz etraplarynyň öri meýdanlarynda gazyldy.

Bulardan başga-da ýylyň başyndan bäri guýularyň 5-siniň durky täzelenildi. Möhüm işleriň ikisi Hojambaz etrabynda, galanlary bolsa Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň çäginde ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň