Arhiw

“Liwerpulyň” täze transferi

11:3111.08.2020
0
1167

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 30 ýyldan soň, çempionlyk gazanan “Liwerpul” düzümine oýunçy transfer etdi. Iňlis kluby grek topary “Olimpiakosyň” çep gyraky goragçysy Kostas Simikasy düzümine goşdy. “Liwerpul” topary 24 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu oýunçynyň transferi üçin iňlis kluba grek toparyna 11,7 million funt sterling tölär. Simikas geçen möwsümde 46 duşuşykda çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň