“Inter” we “Mançester Ýunaýted” ýarym finalda

11:1211.08.2020
0
691

UEFA Ýewropa Ligasynda ilkinji 2 ýarym finalçy belli boldy. Ýaryşyň faworitlerinden “Inter” çärýek final duşuşygynda Lewerkuzeniň “Baýer” toparyny 2-1 hasap bilen utdy. Italýan toparyna ýeňiş getiren gollary 15-nji minutda Nikola Barella bilen 21-nji minutda Romelu Lukaku derwezä girizdi. Nemes toparynyň ýeke-täk pökgüsini bolsa, 25-nji minutda Kai Hawerts öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Lukaku UEFA-nyň 2-nji derejeli bäsleşiginde UEFA Kubogy/Ýewropa Ligasy ýaryşynda yzly-yzyna 9 oýunda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Bu ugurda ozalky rekord angliýaly Alan Şirere degişlidi. Ol 8 oýunda tapawutlanypdy. “Inter” ýarym finalda “Şahtýor Donesk”–“Bazel” duşuşygyň ýeňijisi bilen özara güýç synanyşar.

Germaniýada geçirilen çärýek finalyň beýleki bir oýnunda “Mançester Ýunaýted” bilen “Kopengagen” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Goşmaça wagtda-da 1 gol geçirilip, ony 95-nji minutda Bruno Fernandeş penaltiden derwezä girizdi. Şeýlelikde, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Ýunaýted” 3 ýyldan soň ýarym finala çykdy. Duşuşykda “Kopengageniň” derwezeçisi Karl-Ýohan Jonsson 13 gezek derwezesini howply pursatda goldan halas etdi. “Mançester Ýunaýted” ýarym finalda “Wulwerhempton”–“Sewilýa” duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň