Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi

02:3411.08.2020
1
4226

Şu gün 80 ýaşy arka atýan zenan şahyrymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň çeper döredijiligi köpöwüşliligi we çuň mazmunlylygy bilen okyjynyň aň-ünsüni özüne çekýär. Şahyryň çeper obrazlylyga, nepis duýgulara, baý mazmuna ýugrulan şygryýeti häzirki zaman türkmen edebiýatynyň guwanjyna-buýsanjyna öwrüldi. Söz ussadynyň şygryýetinde mazmun çuňlugy hem giňligi haýran galdyrýar. Şygyrlardaky birnäçe goýazy pikirler uly pelsepe çuňluklaryna uzalyp gidýär.

Gözel Şagulyýewanyň hormatly Prezidentimiziň  beýik şahsyýetini, Watanymyzy gülletmekdäki alyp barýan taýsyz tagallalaryny wasplaýan ajaýyp şygyrlary şol döredijiligiň nepis hem önjeýli bölegi hökmünde aýratyn bir temalara öwrülip, okyjyny has-da özüne bendi edýär. Şol temalary bolsa häzirki zaman türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda «Aklyk pelsepesi», «Ykdysady lirika», «Kasyda» diýip atlandyryp boljakdygyny, beýik zenan şahyrymyzyň Gahryman Arkadagly ajaýyp zamanamyzy wasp edýän şahyrana döredijiligine ser salamyzda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Şahyryň goşgularyna birnäçe aýdymlar hem döredildi. Onuň «Elbukjam», «Uzaklarda nazarym», «Men Garagumly», «Я из Каракума», «Söýgi mukamy», «Dymmaň, daglar!», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde» ýaly kitaplary bar. Ussat zenan şahyrymyzyň goşgulary rus, gyrgyz, gazak, belarus, gruzin, özbek, täjik we beýleki birnäçe dillere-de terjime edildi.

Biz hem öz gezegimizde häzirki zaman türkmen şygryýetinde üç sany ajaýyp temany esaslandyran Gözel Şagulyýewany 80 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň