Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

23:5810.08.2020
0
17346

10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Has takygy, iş maslahatynda şu meselelere seredildi:

― paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy;

― gurluşyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak;

― güýz paslynyň ýakynlaşmagy bilen ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça işleri geçirmek;

― möwsümleýin oba hojalyk çärelerine – güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk;

― güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça zerur çäreleri görmek, welaýatyň maliýe edaralarynyň ýetişdirilen hasyl üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary geçirmäge doly taýýarlyk görmek;

― gant şugundyryna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek;

― şaly ekilen meýdanlarda bu gymmatly ekine ideg etmek.

Döwlet Baştutany hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini zerur bolan tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, oba hojalyk möwsümlerini öz wagtynda geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly saklamak hakynda irgözinden alada etmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipeleri çözmäge geljekde hem aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milletiň Lideri görülýän düýpli çäreleriň ýurdumyzyň sebitleriniň kuwwatyny artdyrmaga hem-de olaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň