Soňky habarlar

Arhiw

«Xiaomi» kompaniýasy «Huawei» kompaniýasyndan öňe geçdi

20:0610.08.2020
0
708

Şu ýylyň birinji ýarym ýyllygynda telefon bazarynda «Xiaomi» kompaniýasy özüniň esasy bäsdeşleriniň biri, «Huawei» kompaniýasyndan öňe saýlandy. 
«Xiaomi» kompaniýasynyň «Redmi» we «Pocophone» smartfonlarynyň 6 milliony satyldy. «Huawei»-iň söwdasy bolsa 5,5 milliona deň boldy. Bu barada «Strategy Analytics» kompaniýasy habar berýär. Esasan hem, «Xiaomi» kompaniýasynyň telefonlary Hindistanyň bazarynda uly islegden peýdalanylýar. Hindistandaky, Indoneziýadaky we Günbatar Ýewropadaky telefon söwdasy kompaniýanyň girdejisiniň 48 göterimini eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň