Soňky habarlar

Arhiw

“Çelsi” 2 ýyldyzyny ugratdy

18:3110.08.2020
0
1225

Angliýanyň “Premier Ligasynda” möwsümi 4-nji hatarda tamamlan “Çelsi” 2 ýyldyz oýunçysyny ugratdy. Toparyň braziliýaly oýunçysy Willian bilen ispaniaýly hüjümçi Pedro Rodrigesiň “Çelsidäki” başdan geçirmesi tamamlandy. Willianyň Londonyň beýleki bir topary “Arsenal” bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar. 2013-nji ýylda “Anžiden” bu topara gelen Willian londonlylaryň düzüminde 339 oýunda 63 gol geçirdi. 2 gezek “Premier Liganyň” çempionlygyny gazanan 32 ýaşyndaky winger Angliýanyň Liga Kubogyna, FA Kubogyna hem-de Ýewropa Ligasynyň kubogyna mynasyp boldy.

2015-nji ýylda “Barselonany” taşlap, “Çelsä” gaýdan Pedro Rodgriges 206 duşuşykda 43 goly tora saldy. Golaýda 33 ýaşyny dolduran winger “Premier Liga” bilen Ýewropa Ligasynda, FA Kubogynda ýeňiş gazandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň