Soňky habarlar

Arhiw

Şu gije Ýewropa Ligasynyň 2 ýarym finalçysy belli bolar

17:1110.08.2020
0
5446

Şu gün Ýewropa ligasynda ýarym finalçylaryň ikisi belli bolar. 1 oýundan ybarat bolan we Germaniýada oýnaljak çärýek finalda şu gün 2 duşuşyk geçiriler. Köln şäherindäki “Rhein Energie” stadionynda oýnaljak oýunda “Mançester Ýunaýted” bilen “Kopengagen” toparlary duşuşarlar. Aşgabat wagty bilen ýarygije, ýagny 00:00-da başlanjak oýna ispaniýaly Karlos del Serro Grande eminlik eder.

Şu günüň beýleki duşuşygy-da “Inter” bilen “Baýeriň” arasynda bolup, duşuşyk Düsseldorfdaky “Merkul Spiel-Arenada” oýnalar. Şol bir wagtda başlanjak duşuşykda fransiýaly Klemen Turpen jürlewük çalar.

Ertir bolsa, “Wulwerhempton”–“Sewilýa”, “Şahtýor Donesk”–“Bazel” duşuşyklary oýnalar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň