Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Merw» Pirmyrat Gazakowy gözden geçirýär

15:5510.08.2020
0
784

Mary şäheriniň «Merw» futbol topary hüjümçi Pirmyrat Gazakowy gözden geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Saýtda hem ýazylyşy ýaly, ol toparyň ýakynda «Energetik» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. 4:0 hasabynda «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdaky pökgüleriň birini Pirmyrat Gazakow geçirdi.

Geçen möwsümde «Energetikde» çykyş eden 32 ýaşly hüjümçi bu möwsümiň birinji ýarymynda hiç bir toparyň düzüminde futbol oýnamady. Pimyrat Gazakowyň ozal «Ýedigen», «Aşgabat» ýaly toparlarda hem futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň