Soňky habarlar

Arhiw

Ýoldaşlyk duşuşygy: «Merw» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

15:3510.08.2020
0
4421

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlanýan «Energetik» bilen «Merw» toparlary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Mary şäherinde geçirilen bu duşuşyk 4:0 hasabynda Magtymguly Begenjowyň tälim berýän «Merwiň» peýdasyna tamamlandy. «Merwe» ýeňiş getiren toplary Perman Hallyýew (11 m.j.u.), Döwlet Döwletmyradow, Serdar Annamämmedow hem-de toparda gözden geçýän Pirmyrat Gazakow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli emin Ahmet Begnazarowyň eminlik edendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlaryndan soň 13 utuk toplan «Merw» 6-njy, 8 utugy bolan «Energetik» bolsa iň soňky, 8-nji orny eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 25-nji awgustda  badalga berilmegine garaşylýar.

Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň («Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Energetik», «Merw», «Köpetdag») çykyş edýändigini ýatladýarys.

Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Ahal» (31 utuk) bilen «Şagadam» (22 utuk) toparlary ornaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň