TFF tomusky transferleriň soňky gününi ýene bir ýola ýatlatdy

15:3110.08.2020
0
613

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurtda tomusky transfer penjiresiniň 15-nji awgusta çenli açyk boljakdygyny ýene bir ýola habar berdi.

Federasiýanyň resmi saýtynda berlen habarda hem nygtalyşy ýaly, Ýokary liganyň toparlary we olaryň ýaşlar düzümleri biri-birinden oýunçy çalşygyny diňe 15-nji awgusta çenli amala aşyryp bilerler. Şondan soňky oýunçy alyş-çalşygy üçin hödürlenen resminamalar kabul edilmez.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji ýarymyna 25-nji aýgustynda “Köpetdag” – “Energetik” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga berilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň