Soňky habarlar

Arhiw

Makgregor ringe dolanýar

14:3310.08.2020
0
1151

Irlandiýaly urşujy, garyşyk söweş sungatynyň ussady Konor Makgregor ringe dolanmakçy bolýar. Ol bu ozal bir gezek synanyşyk geçiren sporty bolan boksa dolanmagy mümkin. Golaýda karýerasyny tamamlanan Makgregor filippinli boksçy Menni Pakiýao bilen tutluşyk geçirmekçi bolýar. Ol bu barada twitter sahypasynda “çagyryşy kabul edýärin” diýen setirler bilen habar berdi. Tutluşygyň bolup-bolmajakdygy, bolsa haýsy wagtda, nirede geçiriljekdigi öňümizdäki günlerde ýüze çykar. Makgregor karýerasy boýunça 1 gezek boks duşuşygyny geçirip, onda-da Floýd Meýwezerden asgyn gelipdi. 41 ýaşly Pakiýao 62 duşuşygynyň 7-sinde ýeňildi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň