“Ýuwentusda” Sarriniň ornuna Pirlo

13:1010.08.2020
0
521

Çempionlar ligasynda “Liony” geçip bilmedik “Ýuwentus” topary tälimçi Maursio Sarrini wezipesinden boşatdy. Gazanylan 9-njy çempionlyk onuň wezipesini dowam etdirmegine ýeterlik bolmady. Turinliler Sarriniň ornuna 42 ýaşly Andrea Pirlony wezipä bellediler. 41 ýaşyndaky ozalky futbolçy 10 gün töweregi ozal “Ýuwentusyň” U23 toparynyň tälimçiligine bellenipdi.  Pirlo “Ýuwentus” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň