Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2020» bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

11:0410.08.2020
0
1388

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2020» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mary şäherinde ýerleşýän Medeniýet köşgünde geçirilen bu bäsleşige, onuň deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 10-sy gatnaşdy. Höwesjeň aýdymçy ýaşlar üçin özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen bu şüweleňli bäsleşigi welaýat häkimligi we Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň şanyna bagyşlanyp geçirilýän bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda eminler toparynyň agzalary ýaş zehinlere mynasyp baha berdiler. Telebäsleşigiň welaýat tapgyrynda Oguz han etrabynyň Azatlyk oba medeniýet öýüniň medeni çäreleri gurnaýjysy Nurýagdy Bekiýew hem-de Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçysy Maýsa Myradowa bäsdeşlerinden öňe saýlandylar hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň