Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda pagta ýygymyna 256 kombaýn gatnaşdyrylar

11:0010.08.2020
0
674

Öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynda welaýatda kuwwatly kombaýnlaryň 256-sy işlär. Olaryň 166-sy «John Deere», 90-sy Özbegistan Respublikasynda öndürilen kombaýnlardyr ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş merkezlerine degişli bu kombaýnlar ýygym möwsümine doly taýýar edildi.

Ýeri gelende aýtsak, welaýatda ilkinji ekiş geçirilen ýerlerde ilkinji hanalar görnüp başlady. Şu ýyl sebitiň daýhanlary 130 müň gektar ýerden 320 müň tonna «ak altyn» almagy meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň