Soňky habarlar

Arhiw

Koronowirusa garşy sanjym taýýarlanyldy

21:4109.08.2020
0
2460
Koronowirusa garşy sanjym taýýarlanyldy

Russiýa dünýäde ilkinji bolup. COVID-19 koronowirusyna garşy sanjym taýýarlady.

N.F. Gamaleýiň adyny göterýän Russiýanyň epidemiologiki we mikrobiologiki ylmy-gözleg merkezinde işlenilip düzülen sanjym 12-nji awgustda resmi taýdan hasaba alnar. Soňky synag tapgyry häzirki wagtda dowam edýär. Sanjym ilki Russiýadaky garrylara we saglygy goraýyş işgärlerine berler.

Merkeziň müdiri Aleksandr Ginzburgyň bellemegine görä sanjymdan soň näsagyň bedeniniň gyzgynlygy ýokarlanyp biler.

“Bu bedene ýat antigen sanjymy ýalydyr. Immun ulgamy işjeňleşýär we bedeniň gyzgynlygy tebigy ýokarlanýar. Kliniki synaglaryň netijesine görä sanjymdan soň bedeniň gyzgynlygy 38 derejä ýetip biler. Bu adaty bolmalysy bolup, gyzzyrma meselesi parasetamol tabletkalary bilen çözülýär.” – diýip Aleksandr Ginzburg aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň