Arhiw

“Hyundai” geljegiň ulaglaryny öndürmekde öňdebaryjy

17:5809.08.2020
0
465
“Hyundai” geljegiň ulaglaryny öndürmekde öňdebaryjy

Geçen ýyl Koreýanyň Ösen bilim we tehnologiýa institutynyň “Ýaşyl” gatnaw bölümi täzeçil ulaglara baýrak berip başlady. Bu ýyl dürli ugurlardan berilýän baýraklaryň iň köpüni “Hyundai” aldy.  Kompaniýanyň wodorod ýangyjy bilen işleýän nusgalyk ýük ulagy “HDC-6 NEPTUNE” “Halk we täjirçilik” kategoriýasy boýunça, şeýle hem elektrik energiýasy bilen işleýän samokaty şahsy ulag ugry boýunça baýraga mynasyp görüldi. Baýraklary 11 ýurtdan awtoulag žurnalistlerinden we hünärmenlerinden emele gelen 16 sany emin agzasy kesgitleýär. “HDC-6 NEPTUNE” atly nusgalyk ulag 1930-njy ýyllaryň “Art Deco” atly demir ýol otlularyna meňzedilip dizaýn edilipdir. Daşky gurşawa zyýansyz bolmagy göz öňünde tutulýan ulag kompaniýanyň “nol kömürturşy gazly gelejek” baradaky tagallalaryny hem açyp görkezýär. Kompaniýanyň baýraga mynasyp bolan samokaty bolsa, 2017-nji ýylda geçirilen CES halkara sergisinde görkezilipdi. Bu kiçijik ulaga awtoulaglar arkaly zarýad berip bolýar. Şeýle hem öz tigirçekleriniň hereketinden zarýad alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň