«Istiklol» ikinji ýaryma ýeňiş bilen başlady, Orazsähedow ikinji ýarymda oýna girdi

17:4209.08.2020
0
826

Düýn ― 8-nji awgustda Rudaki şäheriniň «Neftýannik» stadionynda Täjigistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde «Istiklol» myhmançylykda «Lokomotiw-Pamir» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2020-däki garşydaşynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda myhmanlaryň pökgüleriniň ikisini Alişer Jalilow geçirdi. Bir pökgini bolsa Ehsoni Pançşanbe öz adyna ýazdyrdy.

Türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow 67-nji minutda Alişer Jalilowyň ornuna oýna girdi.

«Istiklolyň» ýaryş tertibinde birinji orunda barýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň