Soňky habarlar

Arhiw

18 metrlik robot

17:3909.08.2020
0
975

Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde şu ýylyň başynda gurluşygyna başlanan robotyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Beýikligi 18 metre, ýagny alty gatly jaýyň belentligine barabar bolan Gundam atly robot ýapon manga we anime gahrymanydyr. Hereket edip bilýän äpet robot öňümizdäki oktýabr aýyndan başlap, öz myhmanlaryny kabul eder. Robotyň agramynyň 25 tonna barabardygy, ellerini we aýaklaryny hereket etdirip bilýändigi aýdylýar. Geçen aý inženerler robotyň hereketlerini synagdan geçirdiler. “Gundam Factory Yokohama” atly seýilgähde ýerleşdirilen robot işläp başlanyndan soňra dünýäniň hereket edip bilýän iň uly roboty bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň