Arzan bahasy telefonyny tanyşdyrdy

17:3109.08.2020
0
2079

Hytaýyň “Vivo” kompaniýasy arzan bahaly “Vivo Y1s” atly smartfonyny resmi ýagdaýda köpçülige tanyşdyrdy. Aziýa ýurtlaryna niýetlenen telefon ilkinji nobatda, Kambojada satuwa çykaryldy. Mundan ozal kompaniýanyň V19 we X50 ýaly seriýalaryna müşderileriň islegi ýokary bolupdy. Ýakyn geljekde beýleki ýurtlara hem iberiljek telefonyň 6,22 dýuýmlyk HD+ LCD ekrany bar. 5 MP durulygynda selfi kamera oturdylan mobul enjam yz tarapynda 13 MP durulygynda surata alýan bir sany kamera bar. 2 GB wagtlaýyn ýat bilen üpjün edilen enjamyň içki ýady 32 GB-a barabar. Adatça, arzan bahaly smartfonlaryň wagtlaýyn ýady hem-de içki ýady has pesräk bolýar. “Vivo Y1s”-iň ýadynyň has ýokarydygyna garamazdan, “microSD” çipler arkaly ony has hem giňeltmek mümkin. Gara hem-de gök reňklisi boljak telefonyň bahasynyň 109 dollar dan müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň