Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirusa garşy molekulýar esasly spreý taýýarlanýar

16:1408.08.2020
0
1686

Ispan alymlary agzyň töweregine sepeniňde, koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni alyp biljek spreý döredýärler. Bu barada Ispaniýanyň Ylmy gözleg geňeşi (CSIC) habar berdi.

Alymlar tarapyndan spreýiň polisakarid esasly molekulalarynyň ýokançlygy saklamaklykda oňyn netije berýändigi tassyklanylyp, ondan wirusyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmeklik üçin hem ulanmaklyk maksat edinildi. Bu molekulalar köp mikroorganizmleriň öýjüklere girmek üçin ulanýan mehanizmine täsir edýär.  

Bu ylmy gözlegiň awtorlaryndan biri bolan, ispaniýanyň umumy organiki himiýa institutynyň işgäri Julia Rewueltanyň pikiriçe, ýokuşma agyz boşlugynda we bokurdakda başlaýar. Şonuň üçin spreýiň belli bir molekulýar esasly derman görnüşi wirus bölejikleriniň ynsana geçmeginiň öňüni alar we täsirini ýok eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň