COVID-19-a garşy tebigy bejeriş serişdesi

16:1308.08.2020
0
2090

Halkara alymlar topary suwotulardaky gepariniň ABŞ-da COVID-19-y bejermeklik üçin ulanylýan derman “Remdesivir” dermanyndan has täsirlidigi baradaky netijä geldiler.

“Cell Discovery” žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, alymlar deňiz suwotularyndan alnan organiki maddalaryň – üç görnüşli gepariniň we iki görnüşli fukoidanyň wirusa garşy işjeňligini barladylar. Netijede, geparin SARS-CoV-2-ni ýok etmeklik ukybynyň “Remdesivir” ýaly köp wirusa garşy dermanlardan ýokarydygyny gözkezdi.

“Häzirki wagtda COVID-19 ýokançlygy burnuň içinde başlaýar we bu maddalaryň her biri wirusa garşy burun spreýini döretmek üçin esas bolup biler. deňiz suwotularyndan alnan organiki maddalardan ýasalan burun spreýi bilen bolsa ýokançly tiz bejerip ýa-da öňüni alyp bolar” – diýip ylmy gözlegçileriň biri Robert Linhardt aýtdy.

           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň