Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldonyň Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany 130-a ýetdi

14:0608.08.2020
0
1123

“Lion” duşuşygynda 2 gezek tapawutlanan “ýuwentusly” Kristiano Ronaldonyň Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany 130-a ýetdi. Ol bu ugurda 114 golly Lionel Messiden ep-esli öňe saýlandy. Şeýle-de Ronaldo 1/8 final oýunlaryndaky 24-25-nji gollaryny geçirip, 26 golly Lionel Messä golaýlady.

Mundan başga-da Ronaldo şu möwsümde Ýuwentusyň köýnekçesi bilen 37-nji goluny öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, ol Ferens Hirseriň 94 ýyllyk rekordyny täzeledi. Hirser 1925/26 möwsüminde bir möwsümde 35 gol geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň