Ýan kompýuter önümçiligini ýatyrdy

12:5508.08.2020
0
1134

Ýan kompýuter önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Toshiba” 2018-nji ýylda bu bölümini “Sharp” kompaniýasyna satypdy. Kompaniýa özünde galan soňky paýnamalary hem ýapon brendine geçirdi. 1985-nji ýylda ýankompýuter önümçiligine başlan “Toshiba” häzire çenli kompýuterleriň dürli maksatlara niýetlenen görnüşlerini müşderilere ýetirdi. Iş, oýun we has kiçi ýan kompýuterleri global bazara satan kompaniýa 2010-njy ýyldan soňra bu bazardaky ähmiýetini ýitirip başlady. Ýapon kompaniýasy “Toshiba” 2018-nji ýylda kompýuter bölümini 36 million dollara “Sharp”-a satypdy. Şondan soňra kompaniýa 19,9 göterimlik paýnamany özünde galdyrypdy. Golaýda bolsa, “Toshiba” müşderilere has ýokary hilli harytlary hödürlemek maksady bile galan paýnamasyny hem “Sharp”-a geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň