Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň tälimçisi kim bolar?!

19:3207.08.2020
0
742

Angliýanyň “Premier Ligasynda” ýylyň tälimçisi kim bolar? Hawa bu sowalyň jogaby 10-njy awgustda belli bolar. “Premier Liganyň” resmi internet saýtynda goýlan ses berlişige “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp, “Çelsiniň” tälimçisi Frank Lampard, “Lester Sitiniň” tälimçisi Brendan Rojers hem-de “Şeffild Ýunaýtediň” tälimçisi Kris Waýlder alyndy. Futbol janköýerleri şolaryň arasyndan haýsy hem bolsa birini ýylyň iň ökde tälimçisi diýip saýlar. Ses berlişik 10-njy awgusta çenli dowam eder. Bu baýraga soňky 2 ýylda “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola laýyk görlüpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň