Arslanmyrat Amanow «Lokomotiwiň» taryhyndaky iň gowy legionerleriň hatarynda

17:3807.08.2020
0
1763

Toparyň resmi saýty Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowy Daşkendiň «Lokomotiwiniň» düzüminde çykyş eden iň gowy 10 legioneriň arasynda görkezýär.

Saýtda hem nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany geçen ýyl «demirýolçylaryň» hatarynda futbol oýnady. Ol Superligadaky 23 duşuşykda 4 gezek tapawutlandy. Şeýlelikde, türkmenistanly ýarym goragçy mümkinçilik berlen duşuşyklarda özüniň topar üçin iňňän peýdaly futbolçydygyny görkezdi».

Şeýle hem sanawda Braziliýadan Ewerton Kawalkante, Russiýadan Aleksandr Filimonow, Ýewgeniý Gogol, Gruziýadan Kahi Maharadze, Ermenistanda Žora Oganesýan, Täjigistandan Akmal Holmatow, Serbiýadan Nemanýa Ýaniçiç, Igor Ýeliç, Ýowan Jokiç dagylar bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň