Soňky habarlar

Arhiw

“Mançester Siti”–“Real Madrid”, “Ýuwentus”–“Lion” çärýek final ugrunda

17:1107.08.2020
0
964

Şu gün futbol dünýäsinde klublaryň arasyndaky iň naýbaşy ýaryş hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň oýnalmadyk jogap duşuşyklarynyň 2-si geçiriler. Şu günki duşuşyklarda kubogyň iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda “Mançester Siti” bilen duşuşar. 1-nji oýunda 2-1 asgyn gelen “Reala” myhmançylykda ýeňiş gazanmak ýeňil düşmese gerek. Ýöne olaryň bu ýaryşyň iň tejribeli toparydygyny hem unutmaly däl.

Şeýle-de 1-nji oýunda myhmançylykda 1-0 asgyn gelen “Ýuwentus” öz stadionynda “Liony” kabul eder. Golaýda 9-njy çempionlygyny gazanan “Ýuwentus” duşuşygyň faworiti hökmünde görülse-de, oýnuň çekeleşikli bolmagyna garaşylýar. Bu duşuşyk toparyň tälimçisi hem-de super ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň topardaky geljegini hem içgin gyzyklandyrýar.

Iki duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen ýarygijede, ýagny 00:00-da başlar. Iki duşuşyga-da germaniýaly iki atdaş eminler eminlik eder. “Mançester Siti”–“Real Madrid” duşuşygynda Feliks Bryh, “Ýuwentus” – “Lion” duşuşygynda bolsa, Feliks Zwaýer jürlewük çalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň