Soňky habarlar

Arhiw

SIF singapurly işewürleri türkmen bazaryna çekmekçi

17:0807.08.2020
0
534
SIF singapurly işewürleri türkmen bazaryna çekmekçi

Singapuryň işewürler federasiýasy (SIF) ýakyn wagtda Türkmenistan bilen webirnar maslahatyny guramagy meýilleşdirýär. Bu maslahat Singapur kompaniýalaryna Türkmenistandaky maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat bermegi maksat edinýär ― diýip, «Trend» habar berýär.

Federasiýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Ho Meng Kitiň aýtmagyna görä, SIF Türkmenistany Söwda-senagat edarasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Federasiýa bu hyzmatdaşlygyň ýagty geljegine umyt baglaýar.

Şeýle hem direktor daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň uludygyny nygtaýar.

Ýeri gelende, bu ugurda türkmen-singapur işewürler toparynyň hem degişli işleri alyp barýandygyny aýtmak gerek. Singapurda geçirilen bilelikdäki forumyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesine gol hem çekilipdi.

SIF özüne ýurtdaky kompaniýalaryň 27 müň 200-sini birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň