Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Täjigistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berler

16:4307.08.2020
0
1883
Ertir Täjigistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berler

Täjigistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary ertir ― 8-nji awgustda başlanar.

Ýaryşyň öňdebaryjy, ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy «Istiklol» ertir «Lokomotiw-Pamir» bilen duşuşar. «Istiklolyň» düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň hem bardygyny ýatladýarys.

10-njy tapgyryň ertir geçiriljek beýleki duşuşyklarynda «Faýzkand» «Kuktoşy», «Duşanba-83» «Hujandy» kabul eder. Tapgyr birigün geçiriljek «Hatlon» ― «Regar-TadAZ» we SSKA ― «Istrawşan» duşuşyklary bilen tamamlanar.

Möwsüm 2-nji oktýabrda geçiriljek 18-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň