Soňky habarlar

Arhiw

Google Play-de Türkmenistandaky edara-guramalar barada maglumat beriji programma peýda boldy

15:5707.08.2020
0
24858

Smartfonlar üçin mobil programmalary hödürleýän Google Play dükanynda TmKontakt programmasy peýda boldy.

TmKontakt Türkmenistandaky guramalaryň iň täze maglumat katalogy bolup, Aşgabat şäherindäki, ýurduň welaýatlaryndaky ýüzlerçe kompaniýa baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Programma türkmen, iňlis, rus dillerinde işleýär.

Katalogdan peýdalanmak amatly we örän ýeňildir. Dogry ýazylan söbaşylar gözleýän maglumatyňyzy birnäçe sekundyň içinde tapmaga ýardam berer.

TmKontakt haýsydyr bir guramanyň diňe bir salgysyny ýa-da aragatnaşyk kontaktlaryny tapmaga kömek bermän, eýsem, kompaniýalar üçin hem uly mümkinçilikdir. Programmanyň üsti bilen siziň kompaniýaňyz barada müňlerçe ulanyjy maglumat alar.

TmKontakt günsaýyn täzelenip durulýan programmadyr. Bu sanawa islendik adam täze maglumat toplumyny goşup biler. Munuň üçin programmany işläp taýýarlaýjylar bilen habarlaşmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň