Soňky habarlar

Arhiw

«Kyzylkum» transfer penjiresinde has güýçlenmekçi

15:0907.08.2020
0
825

10-njy awgustda Özbegistanda tomusky transfer penjiresi resmi ýagdaýda açylýar. Özbek metbugaty türkmenistanly hünärmenler Täçmyrat Agamyradowyň tälim berýän «Kyzylkum» futbol toparynyň bu penjirede iň iş toparlaryň biri boljakdygyna eýýämden ünsi çekýärler.

Dürli sport saýtlarynda habar berlişi ýaly, «Lokomotiwden» aýrylan Ignatiý Nesterow bilen Oýbek Kiliçýew «Kyzylkuma» goşulmaga ýakyn. Bu futbolçylar eýýäm Nawoýi şäheriniň topary bilen türgenleşiklere başladylar.

Topar AGMK-niň ozalky goragçysy Wladislaw Kasminin bilen birlikde «Surhondan» hem birnäçe futbolçy bilen gyzyklanýar. Olaryň arasynda Husniddin Gofurow, Darko Stanoýewiç, Aleksandr Kasýan ýaly futbolçylar bar.

Ýeri gelende aýtsak, Superliganyň yzda galan 9 tapgyrynda hiç hili ýeňiş gazanmadyk «Kyzylkum» bary-ýogy 2 utuk bilen 13-nji orny eýeleýär. Bu toparda türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň