Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň baş tälimçisi Özbegistanda iýul aýynyň tälimçisi saýlanyldy

15:0107.08.2020
0
618

Düzüminde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem çykyş edýän AGMK-niň baş tälimçisi Mirjalol Kosimow «Championat.asia» saýty tarapyndan ýurduň Özbegistanda iýul aýynyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.

Saýtda hem nygtalyşy ýaly, iýul aýynda Superligada üç tapgyryň duşuşyklary geçirildi. AGMK bolsa şolaryň ikisinde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnady. Has takygy, «Nasaf» bilen «Kukon-1912-ni» ýeňen Almalyk şäheriniň topary çempionlygyň esasy dalaşgäri «Pahtakor» bilen deňme-deň oýnady.

AGMK yzda galan 9 tapgyrda «Pahtakordan» 1 utuk az ýygnap, ýaryşyň ikinji basgançagynda barýar. Ol möwsümde utulmadyk ýeke-täk topardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň