Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepedäki dokma toplumynda mekdep lybaslary öndürilýär

11:4107.08.2020
0
2192

2020-2021-nji okuw ýylynyň golaýlap gelýändigi bilen baglanyşykly, Gökdepe etrabynda ýerleşýän Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynda mekdep lybaslaryna niýetlenen matalaryň önümçiligine giň gerim berildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu günler mekdep lybaslaryna niýetlenip, ekologiýa taýdan arassa ýüplüklerden dokalýan nah matalar kämil enjamlarynda degişli talaplara laýyklykda boýalýar. Bu işiň hil derejesine aýratyn ähmiýet berýän kärhananyň işçi-hünärmenleri matalaryň hiliniň ýokary bolmagy hakda aladalanýarlar. Önümçilik bölüminde dürli ölçegdäki okuwçy lybaslaryny tikmek ugrunda-da ähli şertlerdir mümkinçilikler bar.

Bu ýerde dokaljak çaga sport lybaslary hem mekdep okuwçylarynyň islegini kanagatlandyrar. Ýokary hilli önümler täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen söwda nokatlary we mekdep bazarlary arkaly satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň