Soňky habarlar

Arhiw

Eplenýän ekranly telefonyny tanyşdyrdy

19:3306.08.2020
0
1127

“Samsung” kompaniýasy “Unpacked 2020” atly çäräniň çäklerinde “Galaxy Note 20” hem-de “Galaxy Note 20 Ultra” mobil enjamlary bilen bir hatarda “Galaxy Z Fold 2” atly eplenýän ekranly smartfonyny tanyşdyrdy. Enjamyň öňki kamerasy kiçijik deşijege sygdyrylypdyr. Telefonyň öň tarapdaky ekrany ozalky “Fold” modellerinden has uly. Şol sebäpli eplengi duran wagty, ýagny ikinji ekranyny goşup, giňeltmezden hem ulanmak üçin amatly. Telefonyň daş tarapynda 6,23 dýuýmlyk 2267×819 piksel durulygynda AMOLED ekran bar. Modeliň iç tarapyndaky esasy eplenýän ekranyň ululygy 7,7 dýuýma, durulygy 2213×1689 piksele barabar. Telefonyň yz tarapynda 64 megapiksel durulygynda surata alýan esasy kamera bilen bir hatarda 12 megapiksel telefoto hem-de 16 megapiksel ultra giň burçly kamera sensory bar. Içinde hem-de daşynda bolsa, 10 megapiksel durulygynda surata alýan kamera ýerleşdirilipdir. 5G aýratynlygy bolan telefonyň içki ýady 512 GB, wagtlaýyn ýady 12 GB. Telefonda adaty gulaklyk göz öňünde tutulmandyr. Telefonyň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň