Soňky habarlar

Arhiw

Geçirijisiz gulaklygyny tanyşdyrdy

19:0906.08.2020
0
713

“Samsung” kompaniýasy “Unpacked 2020” atly çäräniň çäklerinde “Galaxy Note 20” hem-de “Galaxy Note 20 Ultra” atly mobil enjamlaryny tanyşdyrdy. Bu enjamlarda adaty gulaklyk girişi göz öňünde tutulmandyr. Kompaniýa çäräniň çäklerinde ulanmagy has amatly bolan geçirijirisiz gulaklygyny hem tanyşdyrdy. Ýeňil we has dury ses berýändigi bilen tapawutlanýan “Galaxy Buds Live” atly enjamyň daşky şekili noýba meňzeş. Şol sebäpli gulaga laýyk ornaşyp, daşyndan gelýän sesi ýapýar. Kompaniýa ilkinji geçirijisiz gulaklygy bolan “Galaxy Buds”-y geçen ýyl çykarypdy. Gulaklygy bir gezekki zarýady bilen 6-8 sagat ulanyp bolýar. Ony gulaklygy ýany bilen gelýän gutujyk arkaly 21-29 sagada çenli ulanmak mümkin. Gulaklygy 5 minut zarýada goýlandan soňra bir sagat peýdalanyp bolýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň