“Samsung Galaxy Note 20” we “Galaxy Note 20 Ultra” tanyşdyryldy

18:2506.08.2020
0
2571

“Samsung” kompaniýasy “Unpacked 2020” atly çäräniň çäklerinde “Galaxy Note 20” hem-de “Galaxy Note 20 Ultra” mobil enjamlaryny tanyşdyrdy. Has ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan “Galaxy Note 20 Ultra” egri ekran çarçuwasy bilen tapawutlanýar. Ekranda barmak yzyňy okaýan sensor hem-de kiçijik deşijegiň içine sygdyrylan selfi kamera ünsüňi çekýär. Mobil enjamda adaty gulaklyk göz öňünde tutulmandyr. Mobil enjamlaryň ikisinde hem uzakdan dolandyryjy enjam hökmünde ulanyp bolýan “S Pen” galamy bar.
“Galaxy Note 20” modeliniň ekrany beýleki modelden tapawutlylykda tekiz bolup, enjamyň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly ekran gaplaýar. Bu modelde hem barmak yzyňy okaýan sensor ýerleşdirilipdir. Iki modeliň hem üç reňklisi bolup, ikisinde-de mis we gara reňklisi bar. Bulardan başga-da, “Galaxy Note 20 Ultra”-nyň ak, “Galaxy Note 20”-niň ýaşyl görnüşi bar.
6,9 dýuým AMOLED ekranly “Samsung Galaxy Note 20 Ultra”-nyň yz tarapynda 108 megapiksel esasy kamera sensory bilen bir hatarda biri giňlik, beýlekisi çuňluk üçin ulanmaga niýetlenen 12 megapiksel durulygynda iki kamera sensory ýerleşdirilipdir. Enjamyň wagtlaýyn ýady 8 GB bolup, içki ýadynyň 256 GB we 512 GB görnüşlisi bar. Enjamyň ýadyny microSD arkaly giňeldip bolýar. Öňki kamerasy 10 megapiksel durulygynda surata düşürýär.

“Samsung Galaxy Note 20” modeliniň ululygy 6,7 dýuým bolan FHD+ Super AMOLED ekrany bolup, 8 GB wagtlaýyn ýat, şeýle hem 256 GB içki ýat bilen üpjün edilipdir. Telefona microSD çip dakyp bolmaýar. Öň tarapynda 10 megapiksel durulygynda kamera sensory ýerleşdirilipdir. Mobil enjamyň yz tarapynda 64 megapiksel kamera bilen bir hatarda, 12 megapiksel durulygynda surata alýan ýene-de iki kamera sensory ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň