“Barselona” bilen “Milanyň” täze transferleri

17:3206.08.2020
0
562
“Barselona” bilen “Milanyň” täze transferleri

Ispaniýanyň “Barselona” topary Braziliýanyň “San-Paulu” toparynyň ýaş wingerini, gapdalda oýnaýan ýarymgoragçysy Gustawo Maiany transfer etdi. Katalonlaryň B toparyna goşuljak 19 ýaşly Maia 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Barselona” bu transfer üçin 4,5 million ýewrony brazil klubuna berer.

Şeýle-de Italiýanyň “Milan” topary Fransiýanyň “Lion” klubundan sag gyraky goragçy Pier Kaluluny düzümine goşdy. 20 ýaşyndaky fransuz futbolçysy “Milan” bilen 5 ýyla niýetlenen şertnama gol çekişdi. Fransiýanyň U20 ýygyndysynda-da oýnaýan oýunçynyň näçe baha transfer bolandygy barada resmi maglumat berilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň