Soňky habarlar

Arhiw

Täjibaý meýdançasynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy

16:0206.08.2020
0
1011

Täjibaý meýdançasynda burawlanan 1-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy ­ diýip, “Türkmen gündogary” gazeti ýazýar.

Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň buraw ussasy Işan Mämmetgulyýew tarapyndan baştutanlyk edilýän toparynyň agzalary ýerine ýetirdiler.

Iri Malaý gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Täjibaý meýdançasy soňky döwürde senagat taýdan işjeň özleşdirilip başlandy. Häzirki günlerde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri täze guýyny gaz akdyryjy ulgama birikdirmek boýunça degişli işleri ýaýbaňlandyrýarlar. Şunlukda, bu kände önüm berýän guýularyň sany üçe ýeter. Ekspedisiýanyň baýlyk agtaryjylary şanly ýyly üstünlikli jemlemek, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorunyň üstüni ýetirmek ugrunda gözleg-agtaryş guýularyny burawlamak işlerine giň gerim berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň