“Şahtýor”, “Inter”, “Kopengagen” hem-de “Mançester Ýunaýted” çärýek finala çykdy

12:5406.08.2020
0
1980
“Şahtýor”, “Inter”, “Kopengagen” hem-de “Mançester Ýunaýted” çärýek finala çykdy

UEFA Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň jogap oýunlaryndan soň, 4 çärýek finalçy belli boldy. Awstriýanyň LASK toparyny myhmançylykda 5-0 ýeňen “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda-da 2–1 utdy. Iňlis klubunyň gollaryny Lingard (57) bilen Marsial (88) derwezä girizdi.

Birmeňzeş hasaplar bilen tamamlanan duşuşyklarda “Kopengagen” öz meýdançasynda Istanbul Başakşehiri”, “Şahtýor Donesk” bolsa, “Wolfsburgy” 3-0 ýeňdi. 1-nji oýunda 1–0 asgyn gelen “Kopengageniň” gollaryny Wind (2) bilen Falk derwezä gönükdirdi. Oýnuň ahyrky minutlarynda 3 gol geçiren “Şahtýoryň” adyndan Moraes (89, 90+3) bilen Solomon (90+1) tapawutlandy. Duşuşykda her toparyň bir oýunçysy gyzyl kart aldy.

1-nji oýnalmadyk “Inter”–“Hetafe” duşuşygy Germaniýada geçirilip, italýan topary Lukaku (53) we Erikseniň (83) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

 

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň galan 4 oýny şu gün oýnalar:

21:55 – “Sewilýa” – “Roma” (Duisburg, Germaniýa)

21:55 – “Baýer” – “Reýnjers” (3-1) – Lewerkuzen, Germaniýa

00:00 – “Bazel” – “Aýntraht” (3-0) – Bazel, Şweýsariýa

00:00 – “Wulwerhempton” – “Olimpiakos” (1-1), Wulwerhempton, Angliýa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň