Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat kitaphanasy şu ýyl 55,5 müňden gowrak okyja hyzmat etdi

11:2506.08.2020
0
2366

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýurdumyzyň gündogar sebitinden dalaşgärleriň giriş synaglarynyň Türkmenabat şäherinde geçirilmegi welaýat kitaphanasynyň hem okyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrdy. Şeýlelikde, kitaphana diňe iýul aýynda ýazylanlaryň sany 240 adama golaýlady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen ýyl bir asyry arka atan, 2014-nji ýyldan bäri bolsa täze binada işleýän welaýat kitaphanasynyň hünärmenleriniň iş-aladasy şu günler özüne ýetik. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaş edýän ýaşlar synaglaryň öňüsyrasynda we aralygynda kitaphananyň giň mümkinçilikleri bolan zallarynda taýýarlanýarlar. Olara tejribeli kitaphanaçylar tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Gerekli gollanmalardan wagtynda peýdalanan dalaşgärler bu ýerde okap-öwrenilenleriň synagda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar.

Şu ýyl kitaphananyň gaznasyny «Galkynyş» kitap merkezinden getirilen täze kitaplaryň 355-si baýlaşdyrdy. Şeýlelikde, birbada 3 million neşir birligini saklamaga mümkinçiligi bolan gaznamyzdaky kitaplaryň sany 302 müň 303 kitaba ýetdi, şolaryň 17 müň 900-e golaýy bir bitewi elektron ulgama ýüklenen kitaplardyr. Kitaphana şu ýyl 55 müň 600-den gowrak okyja hyzmat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň