Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň Ahal welaýatyndaky senagat zolagynda 70-e ýakyn önümçilik binalary gurulýar

11:1806.08.2020
0
1783

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşdäki taraplara oba hojalyk, gurluşyk we beýleki maksatlar üçin ýer bölegini peýdalanmak hukugyny berýän Döwletnamanyň esasynda, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet toparynyň çözgüdi bilen bölünip berlen ýerlerde gurlan dürli maksatly önümçilik binalarynyň 69 sanysynda işler ýokary depginde alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olaryň 33 sanysynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda barýar. Ýene-de onlarçasyny gurmak meýilleşdirilýär.

Bu ýerde häzir «Ak gaýa», «Misgär», «Ýedi dag», «Daşly gala», «Bir dünýä», «Rysgally», «Maksatly», «Taýsyz tagam», «Kämil dizaýn» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň önümçilik binalary işleýär.

Senagat zolagynda türkmen önümlerini ulag-üstaşyr ugur boýunça eksport etmekde ýurdumyzyň logistika kärhanalaryny «Bigbag» haryt nyşanly haltalar bilen üpjün edýän «Bir dünýä» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasy, «Täç hil», «Türkmenberkmetal» ýaly, durmuş hajatlary üçin ulanylmaga niýetlenen dürli ýuwujy serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň önümçiligi bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň önümhanalary hem ýerleşýär.

Ol ýerdäki «Ak gaýa» hususy kärhanasy gurluşyk üçin boýag önümlerini öndürse, «Maksatly geňeş» hususy kärhanasy «Bäş daş» haryt nyşanly dürli boýaglary, telekeçi Bäşim Sopyýew simden dürli önümleri öndürip, ol önümler gurluşykda we halk hojalygynda giňden ulanylýar. Bereketli köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Begler ýoly» hususy kärhanasy polietilenden we polipropilenden dürli reňkli, döwrebap, ekologiýa taýdan arassa gaplary, plastik bedreleri, konteýnerleri, sebetleri öndürip, önüm öndüriji kärhanalary üpjün edýär. «Zergär» köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýeti alýuminden hem-de plastikadan aýna-gapylary, şeýle-de taplanan aýnadan gasynly görnüşde ýygnalýan gapylary, awtomatlaşdyrylan saýawanly panjurlary, awtomatlaşdyrylan bölekleýin derwezeleri, ýygnalýan bassyrmalary we saýawanlary, taplanan aýnadan ofis arabölmelerini öndürip, elýeterli bahalardan halkymyza hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň