«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

09:0706.08.2020
0
5821

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen Ýangyç energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda esasy hünärmenleriň pikirleri, häzirki ýagdaýyň seljermesi, çaklamalar, statistika we maglumatlar bilen tanyşmak bolýar, iň täze tehnologiýalar we häzirki zaman enjamlary, türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan barlaglar barada bilmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň