Türkmenabadyň pagta egiriji fabriginde ýarym ýylda 5 million manatlyk iş artyk amala aşyryldy

15:1405.08.2020
0
249
Türkmenabadyň pagta egiriji fabriginde ýarym ýylda 5 million manatlyk iş artyk amala aşyryldy

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde geçen ýarym ýylda ýerli çig malyň hasabyna ýüplük önümleriniň içerki we daşarky bazar üçin meýilleşdirilen 14 million 789 müň 500 manatlygynyň deregine, 19 million 165 müň 800 manatlyk önüm taýýarlanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bu ýokary hilli önümlere Türkiýe, Russiýa, Polşa, Beýik Britaniýa, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlerde isleg örän ýokary.

Daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalary oturdylan pagta egriji kärhanada işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Önümçiligiň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy ýokary hili we zähmet öndürijiligini üpjün edýär. Ýüplük önümleri ähli tarapdan dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Fabrikde önümiň hiline gözegçilik etmek üçin kämil tehnologiýalardan ybarat barlaghana işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň