Soňky habarlar

Arhiw

Azat Baýryýew FNL-yň nusgalyk düzümine girdi

13:3705.08.2020
0
8433

Transfermarkt nemes portaly Russiýanyň FNL çempionatynyň tamamlanan möwsümindäki nusgalyk düzümi düzdi. Bu düzümde «Rotoryň» türkmenistanly merkezi goragçysy Azat Baýryýewe  hem orun berlipdir.

Wolgogradyň «Rotorynyň» kapitany öz toparynyň çempionlygyna uly goşant goşdy. Ol geçen möwsümde 23 duşuşykda dört gezek tapawutlanmagy hem başardy. Transfermakte görä, türkmenistanly futbolçynyň transfer bahasy 475 müň ýewro.

1989-njy ýylda Balkanabatda doglan Azat Baýryýew bäş ýaşyndaka maşgalasy bilen Russiýa göçüp gidýär. 31 ýaşly futbolçy «Kuban», «Salýut», «Dinamo» Brýansk, «Alaniýa», «SKA-Energiýa», «Zenit» Penzen, «Wolgar» ýaly toparlarda hem çykyş etdi. Ol 2018-nji ýyldan bäri «Rotoryň» futbolçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň