“Mançester Siti” Torresi transfer etdi

13:2905.08.2020
0
379
“Mançester Siti” Torresi transfer etdi

“Premier Liganyň” wise-çempiony “Mançester Siti” topary “Walensiýanyň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Ferran Torresi hataryna goşdy. Iňlis kluby 20 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Iňlis metbugatynda çykan habarlara görä, “Mançester Siti” Torresiň transferi üçin ispan klubuna 23 million ýewro berer. Şu möwsümde 44 duşuşykda meýdança çykan Torres 6 gol geçirip, 8 gola-da gönümel ýardam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň